Söz bilen jahany jadylan şahyr

28 Awgust 2024
130

Meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow tarapyndan: «Türküstanda XVIII asyr Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr» diýlip, döredijiligine juda uly, örän jaýdar baha berlen şahyryň ýaşan döwri bizden barha daşlaşýar. Ýöne döwür näçe daşlaşdygyça, şahyr öz mähriban halkyna barha golaýlaşýar.

Türkmeniň ak öýi. Ulusy uly, kiçisi kiçi ýerindedir. Ol ýerde sylag-hormat, edep-ekram, ar-namys bardyr. Maşgalada bir agza bakylýandyr, bir adamdan sapak alynýandyr. Ol ak öýüň ýaşulusydyr. Telim gary basgylan adamdyr, uzak ömrüň ajysynam, süýjüsinem görendir. Az geplär, ýöne uz geplär. Durşy bilen akyldyr, alanyň, ýüregiňe ýazyp goýanyň özüňkidir. Könelerimiz garryly öýi gazna deňäpdirler. Magtymguly-da ýaşuly, ýöne ol bir ojagyň däl-de, külli türkmeniň ýaşulusy. Hut şeýle bolany üçin hem, onuň XVIII asyrdan bäri uzap gaýdan şygyr ýoluna ot bitenok...

Amanmyrat KIÇIGULOW.