Dostlar (hekaýa)

27 Awgust 2024
99

Tomus dynç alşa çykyp, öýde bolmagyň hezilligi bir başga. Asyl hem, tomus çagalaryň gowy görýän pasly. Tüp yssyda ýatyp, Günüň howry gaýdyşyberer welin, çagalaryň şadyýan sesleri ýaňlanyp başlar. Meniňem bilenim-bitenim oýundyr. Iki öý aňyrrakda ýaşaýan Aşyrdyr Berdi dagy bilen aşyk oýnardym. Irden bolsa hezil edip ýatmaly. Şonda ejemiň «Üstüňe Gün düşüp gitdi, tur, öýe bir gir» diýen sesine zordan turup, ýassygymy alardym-da, öýe ylgardym. Belkem ejem meni turuzmaga dözýän däldir-dä, öz işi bilen gümra bolubererdi. Ýöne juda ýaltansam-da, alaja gölämiziň ot-iýmine seretmeli, suwdan gandyrmaly mendim. Gölä ot-suwuny berip, ýene ýatyberer ýalam däl, ýaňy bir çaý-çöregimi iýerime mähetdel, ýegre dostum Aşyram gapyda häzirdir. Onsoň Gün gaty gyzmanka elimize orakdyr halta alyp, ota gitmelidik. Biziň tirkeşip barýanymyzy gördügi keltejik boýluja, dolmuşja Berdem bize hökman goşulaýmaly. Onuň gyzmarak häsiýeti köplenç agzymyzyň alarmagyna-da getiräýýär. Biziň galmagalymyza gurjagyny goltuklap, duldegşir goňşymyzyň gyzjagazy Şemşadam baý tomaşa eder-dä. Käte onuň jykyrdap gülşüne Berdiniň gaharam gelerdi.

Tomus pasly şagalaňly pasyl. Günüň howry gaçyberer welin, töwerek gyzan bazara dönäýer. Hut çaga dünýäsiniň özboluşly gyzygy bilen joş urýandyr. Tä surnugýançaň oýun bilen gümrasyň. Tomus gijeleriniň serginligini diýsene. Asman gümmezinde lowurdaşýan sansyz-sajaksyz ýyldyzlaryň owadandygyny. Şol ýyldyzlara seredip ýatansyň. Bir ýerlerden çyrlaklaryň sazlaşykly çyr-çyrlary, hol aňyrrakdan bolsa itleriň üýrýän sesleri gelip durandyr. Gurbagalaryň seslerem salmalardan eşidilýär. Aý-aýdyň gijeler ejemiň ertekisini diňlemegiň hezildigini. Kem-kem gözlerim süzülip ugrar. Onsoň tä üstüme Gün gelinçä ýatardym.

Zyba SUWHANOWA,
«Miras» radioýaýlymynyň «Hazynalar çeşmesi» bölüminiň müdiri.