Akyldar şahyryň şygyrlary — dürler hazynasy

27 Awgust 2024
236

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý hem-de köptaraplydyr. Ata Watana, ene topraga, türkmen iline bolan çäksiz söýgi, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlary, ahlak arassalygy, tebigat gözelligi — bularyň ählisi şahyryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.

Beýik söz ussadynyň eserleriniň içinde öwüt-ündew häsiýetli goşgular aýratyn orny eýeleýär. Şahyryň öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň aglabasy watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, ýagşy ahlaklylyk ýaly wajyp temalara bagyşlanypdyr. Bu goşgularyň ençemesiniň mazmuny türkmen halk nakyllaryna esaslanýar. Şeýle etmek bilen şahyr pelsepewi pikirleri şygyr bentlerine salypdyr. Bu Pyragynyň şygyrlarynyň esasy aýratynlygydyr. Mysal üçin, şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky:

Nurgözel SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.