«13»-lik (Hekaýa)

27 Awgust 2024
118

Durmuşda üstünlige ýetmekde her kimiň bir ynanýan zady bolýar. Kimsi ony öz içinde, pikir düwünçeginiň iň aşagynda saklasa, başga biri özüne şowlulyk getirýän zatlary aýtmakdan çekinenok. Şol şowlulyk getirýän zatlaryň biri-birinden üýtgeşikligi welin hakykat. Birbada menem özüme ynanmadym. Onsoňam men şol täsinlige ynanaýanymda-da, özgeleriň maňa ynanjagy gümana. Üstesine-de, maňa şowlulyk getirýän zat san bilen bagly. Özi-de, meniň tanyşlarymyň arasynda şol sany halamaýanlary-da bar. Şonuň üçin bu barada hiç kime dil ýarmagam islemeýärdim. Bu ýagdaý uzaga çekmedi. Adymyň, familiýamyň bileleşäkge-de 13 harpdan ybarat bolmagy tötänleýin zatdyr öýdüp ýörkäm, asyl meniň durmuş guran ýigidimiňki hem şeýle bolup çyksa nätjek?! Geň galmakdan ýaňa ikimizem biri-birimize gözlerimizi tegeläp seretdik-de, muny bolmaly zat hökmünde kabul etdik.

Onsoň bir gün oturdym-da, öz ýanymdan bu sanyň ykbalymdaky ähmiýetini seljermäge başladym. Okan mekdebimiň, Aşgabada gelenimde ilkinji münen awtobusumyň, hatda durmuş toýuny tutan senämiziňem 13-likdigi meni haýran galdyrdy.

Aýnabat ATAÝEWA.