Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa

27 Awgust 2024
270

Ynsan üçin ene topragyndan, ata Watanyndan zyýada hiç bir zat ýok. Watan — ynsan oglunyň emer-damary. Watan gymmatlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şirin zybanyndan çykan dürdäne setirlerinde çuňňur beýanyny tapypdyr. Beýik akyldar mukaddes Watanyň, ene topragyň gadyr-gymmaty hakdaky pikirlerini birnäçe setirlerinde beýan edipdir.

Türkmen topragynyň sähralyklary, daglary, düzlükleri, deňizdir derýalary, hoşgylaw adamlary, şirin aýdym-sazlary, özüni kemala getiren halka bolan yssy mähri, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri Magtymguly Pyragynyň Watan diýen düşünjesini ösdüripdir. Şonuň üçin ol her demde ene topragyň gurşawy bilen ýaşap, ony jany-teni bilen söýüpdir. Adamlaryň agzybirlikde birleşip, önüp-ösen topragynyň — ýurdunyň azat-erkana bolmagyny arzuw edipdir. Şahyr Watan erkinliginiň, asudalygynyň, kuwwatynyň berkarar bolmakdadygyna aýdyň göz ýetiripdir.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi.