"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ekologiýa howpsuzlygy — derwaýys mesele

Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde berkidilýär. Ýurdumyz milli Liderimiziň baştutanlygynda halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna», Tokaý kodeksine, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 13 — 15 metr, wagtal-wagtal 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm. Çyglylygy 40 — 60 %.

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete hem-de jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Arassa ekologiýa ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň geljegi nazarlaýan uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Diýarymyzyň ekologiýa meselelerini döwrüň sebit we dünýä derejesindäki çylşyrymly meseleleri bilen utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýet guramalarynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy gün-günden artýar. Halkara konwensiýalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýlary dikeltmek we gorap saklamak, öri meýdanlaryny we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek we ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça milli we sebit derejeli taslamalar ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri tarapyndan bu ugurlar boýunça uly işleri amala aşyrýar.

Daşky gurşawy goramak — mukaddes borjumyz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak babatdaky möhüm işler häzirki wagtda dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Orta Aziýa sebitinde, şonuň bilen birlikde, bütin dünýäde — halkara derejesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly, umumadamzadyň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilendir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden ümürli bolmagy mümkin, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm. Çyglylygy 65 — 85 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm. Çyglylygy 55 — 75 %.

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr

Ata-babalarymyz tarapyndan ekiniň atasy hasaplanan suw dirilik hem rysgal--berekediň çeşmesidir, adamzat ýaşaýşynyň baş özenidir. Suw we ene toprak halkyň döwletiň baş baýlygy, rysgal-döwletliligiň tükenmez gorudyr. Suw ýerdäki janly-jandarlaryň, ösümlikleriň ýaşaýşynda ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan tebigy baýlykdyr. Türkmen halky ömürboýy suwa uly sarpa goýup, onuň her damjasyny altyna deňäpdir. Suwdan örän tygşytly peýdalanmagy başarypdyrlar. Suwy arassa saklamak halkymyzyň asyl terbiýesinde bar. Suwy bisarpa tutmak, ýere dökmek halanylmandyr. Pederlerimiz suwuň hiline, düzümine baglylykda, oňa tygşytly çemeleşmegiň ýoluny gözläpdirler. Suw — barlygyň, bolelinligiň baş çeşmesi bolup durýar. Janly-jandarlaryň bedeninde suw azalsa ýa-da gutarsa, olar heläk bolýarlar. Suw Ýeriň üstünde klimat ýagdaýlaryny sazlaýar. Suwuň tebigatdaky esasy biohimiki hyzmatlarynyň biri-de onuň janly-jandarlaryň ýaşaýşy üçin gerek bolan wodorod çeşmesi bolup durýanlygydyr. Suw tebigatda we ynsan ýaşaýşynda ägirt uly möhüm orun eýeleýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-12-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-7-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +l...+3o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+11o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Gür baglygyň gadyry

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasynyň netijesinde gözel Diýarymyz hemmetaraplaýyn gülläp, ösýär. Ilatymyzyň saglygyny baş maksady edinýän Gahryman Arkadagymyz daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin uly tagalla edýär. Şonuň netijesinde Diýarymyz ýaşyl baglyga bürenip, arassa howaly mekana öwrülýär. Daşky gurşawymyzyň bagy-bossanlyga bürenip, gözel görnüşe gelmegi üçin hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bag nahallaryny oturtmak we ösdürip ýetişdirmek babatynda netijeli işler geçirilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýazky we güýzki ählumumy bag ekişligi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy göreldesi bilen geçirilýän ählumumy bag ekişliklerinde her ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar we olara eýegözin ideg edilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Tebigy baýlyklaryň goragy

Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça esasy halkara ylalaşyklara gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda dünýäde bar bolan derwaýys meseleleriň çözülmegine öňdengörüjilikli we jogapkärli çemeleşip, ählumumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ekologik taýdan arassa gurşawda jemgyýetiň durnukly ösüşi we adamlaryň ýaşaýşy tebigata bolan gatnaşyga, onuň gorlarynyň rejeli peýdalanylyşyna baglydyr. Ýurdumyzda biologik köpdürlüligi saklamak we artdyrmak, taryhy hem-de tebigy ýadygärlikleri goramak, senagat kärhanalarynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, önümçilige «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň sentýabrynda «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini» tassyklamagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologik özgertmelere badalga berdi. Bu strategiýa BMG-niň 2030-njy ýyla çenli degişli strategiýasynyň we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygynyň ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli derejedäki meseleleri çözmegiň möhümdigi nazara alnyp, hususan-da, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo şäherinde geçirilen halkara maslahata türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşm

Sazak — sährany sazlaýjy

Garagum sähralygy ýylyň dört paslynda-da özboluşly gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Onuň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň peýdaly taraplary örän köp. Ýandak, sazak, ojar, gandym... bularsyz türkmen sähralygyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Asyl olar türkmen halk döredijiliginden başlap, çeper edebiýatymyza hem ymykly siňipdir. Şolaryň arasynda sazagyň orny has-da uly diýsek ýalňyşmarys. Dünýäniň çar künjegindäki çöllüklerde gara (ojar), ak we zaýsan sazaklaryna duş gelmek bolýar. Olaryň ikisi — ak sazaklardyr ojarlar bir ýerde hem duş gelip bilýär. Olary daş görnüşinden uzakdan tapawutlandyryp bolýar. Ak sazagyň ýokarky başy ak bolýar. Ol gara sazaga garanda owadan, näzik hem kiçi bolýar. Onuň düýbi dürli ugurlara gyşaryp, şahalarynyň gabygy agymtyl-küljümek reňkde bolýar. Ak sazagyň agajy gaty we port bolýar. Ol suwa gaty çalt çümýär hem ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Ojaryň şahalary kyrkbogny ýatladýar. Onuň köki golaýdaky ýerasty suwlardan iýmitlenmek ukyby bilen hem tapawutlanýar. Ojaryň ösüp oturmagy şol ýerde suwuň bardygyny aňladypdyr. Şonuň üçinem adamlar gara sazagyň töwereginde guýy gazypdyrlar. Ýerasty suwlardan iýmitlenýändigi sebäpli ýeriň şorlamasy gara sazak üçin o diýen howply bolmaýar. Onuň tersine ak sazak çägelik, ýumşak toprakly ýerleri gowy görýär.

«Bu tyl­la top­ra­ga na­hal otur­dyň!»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr. Milli Liderimiziň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyçlar halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir. Häzirki döwürde dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamak hem-de başga birnäçe meseleleri öz içine alýar. Häzirki wagt

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +13°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.