Tebigy baýlyklaryň goragy

3 Dekabr 2021
1694

Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça esasy halkara ylalaşyklara gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda dünýäde bar bolan derwaýys meseleleriň çözülmegine öňdengörüjilikli we jogapkärli çemeleşip, ählumumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ekologik taýdan arassa gurşawda jemgyýetiň durnukly ösüşi we adamlaryň ýaşaýşy tebigata bolan gatnaşyga, onuň gorlarynyň rejeli peýdalanylyşyna baglydyr. Ýurdumyzda biologik köpdürlüligi saklamak we artdyrmak, taryhy hem-de tebigy ýadygärlikleri goramak, senagat kärhanalarynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, önümçilige «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň sentýabrynda «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini» tassyklamagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologik özgertmelere badalga berdi. Bu strategiýa BMG-niň 2030-njy ýyla çenli degişli strategiýasynyň we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygynyň ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli derejedäki meseleleri çözmegiň möhümdigi nazara alnyp, hususan-da, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo şäherinde geçirilen halkara maslahata türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy ýurdumyzyň bu meselä örän jogapkärli çemeleşýändiginiň güwäsidir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.