Sazak — sährany sazlaýjy

2 Dekabr 2021
2419

Garagum sähralygy ýylyň dört paslynda-da özboluşly gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Onuň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň peýdaly taraplary örän köp. Ýandak, sazak, ojar, gandym... bularsyz türkmen sähralygyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Asyl olar türkmen halk döredijiliginden başlap, çeper edebiýatymyza hem ymykly siňipdir. Şolaryň arasynda sazagyň orny has-da uly diýsek ýalňyşmarys. Dünýäniň çar künjegindäki çöllüklerde gara (ojar), ak we zaýsan sazaklaryna duş gelmek bolýar. Olaryň ikisi — ak sazaklardyr ojarlar bir ýerde hem duş gelip bilýär. Olary daş görnüşinden uzakdan tapawutlandyryp bolýar. Ak sazagyň ýokarky başy ak bolýar. Ol gara sazaga garanda owadan, näzik hem kiçi bolýar. Onuň düýbi dürli ugurlara gyşaryp, şahalarynyň gabygy agymtyl-küljümek reňkde bolýar. Ak sazagyň agajy gaty we port bolýar. Ol suwa gaty çalt çümýär hem ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar.

Ojaryň şahalary kyrkbogny ýatladýar. Onuň köki golaýdaky ýerasty suwlardan iýmitlenmek ukyby bilen hem tapawutlanýar. Ojaryň ösüp oturmagy şol ýerde suwuň bardygyny aňladypdyr. Şonuň üçinem adamlar gara sazagyň töwereginde guýy gazypdyrlar. Ýerasty suwlardan iýmitlenýändigi sebäpli ýeriň şorlamasy gara sazak üçin o diýen howply bolmaýar. Onuň tersine ak sazak çägelik, ýumşak toprakly ýerleri gowy görýär.

Taýýarlan Aýnagözel RASULOWA,
Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy.