Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr

10 Dekabr 2021
1587

Ata-babalarymyz tarapyndan ekiniň atasy hasaplanan suw dirilik hem rysgal--berekediň çeşmesidir, adamzat ýaşaýşynyň baş özenidir. Suw we ene toprak halkyň döwletiň baş baýlygy, rysgal-döwletliligiň tükenmez gorudyr. Suw ýerdäki janly-jandarlaryň, ösümlikleriň ýaşaýşynda ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan tebigy baýlykdyr. Türkmen halky ömürboýy suwa uly sarpa goýup, onuň her damjasyny altyna deňäpdir. Suwdan örän tygşytly peýdalanmagy başarypdyrlar. Suwy arassa saklamak halkymyzyň asyl terbiýesinde bar. Suwy bisarpa tutmak, ýere dökmek halanylmandyr. Pederlerimiz suwuň hiline, düzümine baglylykda, oňa tygşytly çemeleşmegiň ýoluny gözläpdirler.

Suw — barlygyň, bolelinligiň baş çeşmesi bolup durýar. Janly-jandarlaryň bedeninde suw azalsa ýa-da gutarsa, olar heläk bolýarlar. Suw Ýeriň üstünde klimat ýagdaýlaryny sazlaýar. Suwuň tebigatdaky esasy biohimiki hyzmatlarynyň biri-de onuň janly-jandarlaryň ýaşaýşy üçin gerek bolan wodorod çeşmesi bolup durýanlygydyr. Suw tebigatda we ynsan ýaşaýşynda ägirt uly möhüm orun eýeleýär.