Durnukly ösüşiň möhüm şerti

19 Dekabr 2021
1436

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete hem-de jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.