«Bu tyl­la top­ra­ga na­hal otur­dyň!»

2 Dekabr 2021
1813

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr. Milli Liderimiziň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyçlar halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir. Häzirki döwürde dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamak hem-de başga birnäçe meseleleri öz içine alýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary kemala geldi. Ozal boş ýatan baýyrlar amatly howa gurşawyny emele getirýän bagy-bossanlyklara bürendi. Ekilen bag nahallarynyň sany onlarça milliona ýetdi. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginde derýalaryň, akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazar deňziniň kenar ýakalarynda gök zolaklar döredildi. Çöllük ýerleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Aýratyn-da, Merkezi Garagumdaky «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerinde tokaý zolaklary döredilýär. Topragyň şorlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Aral deňziniň töwereklerinde, Bötendag giňişliginde, Sarygamyş kölüniň kenarlarynda müňlerçe gektar meýdany öz içine alýan tokaý zolaklary kemala geldi.

Maýsa MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.