Arassa ekologiýa ugrunda

13 Dekabr 2021
1759

Hormatly Prezidentimiziň geljegi nazarlaýan uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Diýarymyzyň ekologiýa meselelerini döwrüň sebit we dünýä derejesindäki çylşyrymly meseleleri bilen utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýet guramalarynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy gün-günden artýar. Halkara konwensiýalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýlary dikeltmek we gorap saklamak, öri meýdanlaryny we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek we ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça milli we sebit derejeli taslamalar ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri tarapyndan bu ugurlar boýunça uly işleri amala aşyrýar.

Ýolly NEPESOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.