Gür baglygyň gadyry

6 Dekabr 2021
1642

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasynyň netijesinde gözel Diýarymyz hemmetaraplaýyn gülläp, ösýär. Ilatymyzyň saglygyny baş maksady edinýän Gahryman Arkadagymyz daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin uly tagalla edýär. Şonuň netijesinde Diýarymyz ýaşyl baglyga bürenip, arassa howaly mekana öwrülýär.

Daşky gurşawymyzyň bagy-bossanlyga bürenip, gözel görnüşe gelmegi üçin hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bag nahallaryny oturtmak we ösdürip ýetişdirmek babatynda netijeli işler geçirilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýazky we güýzki ählumumy bag ekişligi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy göreldesi bilen geçirilýän ählumumy bag ekişliklerinde her ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar we olara eýegözin ideg edilýär.