"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmen sazynyň mertebesi

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada beslenen öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milletimiziň mertebesi, medeniýetimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Asyrlar aşyp gelen medeni däplerimiz, ruhy ýörelgelerimiz, milli aýdym-saz sungatymyz tutuş adamzat nesilleriniň naýbaşy baýlygy hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Munuň özi, gönüden-göni milli medeniýetimiziň mazmunyna ümmülmez baýlygyň jemlenendiginiň, asyrlar aşyp gelen milli sungat eserlerimiziň çeper kämildiginiň henize çenli doly açylmadyk syrlara beslenendiginiň aýdyň nyşanydyr. Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýar döwrümizde milli aýdym-saz sungatymyz täze röwüşe beslenip, dünýä ýüzüne parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dostanalygyň hem-de ynanyşmagyň ruhuny çaýýar. Dutaryň owazy şöhratly geçmişimizde bolşy ýaly, goňşy bilen goňşyny has-da doganlaşdyrýar, yklymlaryň halklaryny dostlaşdyrýar, medeniýetleri baýlaşdyrýar. Onuň köp asyrlyk halkymyzyň pelsepe dünýäsine çuňňur kök uran gözbaşlary bolsa ençeme nesilleriň ruhy, aň-bilim ösüşine öz goşandyny goşup geldi. Şundan ugur alsak, dutaryň sazy — halkymyzyň köňül owazy. Ol owaz taryhyň jümmüşinde halkyň ruhuna eriş-argaç ulaşyp, nurlandyryp gelen altyn sapakdyr.

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşular

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde netijeli işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli medeniýetimiz, aýdym-saz sungatymyz çuňňur öwrenilip, bütin dünýä giňden wagyz edilýär. 19-njy maýda Medeniýet ministrliginde Aşgabady «Dizaýn» ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça geçirilen iş wideomaslahaty hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem gatnaşdy. Maslahatyň barşynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen bagly meseleler, bu ugurda ýetilen sepgitler we meýilleşdirilýän geljekki iş ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu toruň medeniýete we durmuşy integrirlemäge maýa goýum goýmaga taýýar şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin maksatnamany işläp düzmek meselesi barada pikir alşyldy.

Paýtagtymyz — buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşýär, ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýy döwletimiziň esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýratyn bellenendir. «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Aşgabat şäherimizi ösdürmekde gurluşyk hem-de binagärlik işi bilen baglanyşykly kadalaryň aýratyn berkidilmegi paýtagtymyzyň hukuk derejesiniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri» diýlip berkidilendir.

Binagärlik sungatynyň sazlaşygy

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bagtyýarlyk döwrüni häsiýetlendirýän ykdysady, ruhy özgertmeler ýokary depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady meseleler babatda alyp barýan göwün galkyndyryjy özgertmeleri has giňden ýaýbaňlanýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna esasy meseleleriň biri hökmünde uly ähmiýet berýändigini aýtmak gerek. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda her ädimde duýulýar. Halkymyzy häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen doly üpjün etmek wezipesi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir maşgalasy baradaky aladalaryndan gelip çykýar. Maşgalanyň bagtyýarlygy bolsa, durmuş abadanlygyny, onuň pajarlap ösüşini hasyl edýän ilkinji şertleriň biridir.

Duşuşyk geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Arkadagly, ak ýolly, gülle, Türkmenistanym!» atly wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda geçen duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de gözel Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

Şanly toýuň gutly bolsun!

Diýarymyň täze merjen paýtagty,Gijeleri nurly, gündiz deý ýagty,Arzuwlaryň gülläp ösýän daragty,Binalary köşgi-eýwan Aşgabat. Çüwdürimler köňül içre joş bu gün,Owadan, nurana, juwan-ýaş bu gün,Altyn gupbalary döwre täç bu gün,Gujagynda döwlet-döwran Aşgabat.

Aziýanyň merjeni

Bu günki gün Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz Aşgabat belent ösüşleriň mekany, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalar, ak mermerli binalar paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösen merkezdigini subut edýär. Ýurdumyzdaky ösüşler, halkara hyzmatdaşlygyndaky gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň anyk netijelerini äleme äşgär edýär. Ýurdumyzda şäher ekologiýasynyň nazarlaýan döwrebap tejribäniň özleşdirilmegi, ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli desgalaryň sanynyň yzygiderli artýan merkezine öwrülmegi paýtagtymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösüşleriň, parahatçylykly hyzmatdaşlygyň ýurdy, şeýle hem tebigy we milli baýlyklaryň mekany. Şäherimizdäki «Garaşsyzlyk», «Ylham», «10 ýyl Abadançylyk» ýaly ençeme seýilgähler ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Paýhas bilen bina bolan

Görki-gözelligi bilen göwünleri, kalplary hem-de gözellige hormat goýýan halklaryň ünsüni özüne çekip bilýän ajaýyp paýtagtymyz bu gün 140 ýaşady. Sähralygyň dag etekleri bilen tapyşýan ýerinde esaslandyrylan we üç asyryň şaýady bolan şäherimiziň 140 ýyllyk taryhynyň dowamynda aýratyn ýatlanylmaga, üns berilmäge mynasyp möhüm wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Alym Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň söz, surat we sungat bossanyna seýran edeniňde bu zatlara has-da çuňňur akyl ýetirýärsiň, ýatlamalara çümýärsiň. Taryhy hakykatlary hakydalaryňda dikeltmäge, göz öňüne getirmäge çalyşýarsyň. Sözüň çeper jadysy sünnälenen bu ajaýyp kitap gözel paýtagtymyzyň düýni, şu güni hem-de ertiri hakda gürrüň berýär. Okyjyny ajaýyp şäherimiziň geçmişine, häzirki gününe hem-de geljegine ýolbelet bolup, syýahata çykarýar. Aşgabat esaslandyrylan wagty adaty kent-şäher bolanlygyndan bu gün milli Liderimiziň paýhasy bilen geljegiň megapolis şäherine öwrülmegiň bosagasynda dur. 140 ýyllyk taryhy hakynda buýsanç bilen söz açsagam, aslynda, gündizlerine Günüň nury, gijelerine Aýyň ýalkymy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy hem-de söýgüsi bilen nurlanýan bagt mesgenli şäherimiz soňky on dört ýylyň dowamynda düýpgöter özgerdi. Biri-birinden kaşaň, täsin we ak mermerli ajaýyp ymaratlar, binalar, desgalar paýtagtymyza mahsus aýratynlyga öwrüldi. Bu gün halkymyz öz paýtagtyny söýgi, buý

Mermer şäher — aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyzyň ady «Aziýanyň merjen şäheri» diýlip uly buýsanç bilen tutulýar. Çünki dilimiziň senasy, ömrümiziň penasy bolan Aşgabat ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu gün ajaýyp şäherimizi, synlamaga göz, taryp etmäge söz gerek. Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz, ylla diýersiň, merjen kimin düzülen ak jaýlaryň hataryndan bina bolýar. Giň, arassa, aýna ýaly tekiz şaýollar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, aýlawly ýollar, belent-belent binalaryň görküne görk goşýar. Binagärlik sungatynyň nusgasy bolup hatar gurap oturan ol kaşaň binalar ajaýyp seýilgäh zolaklary bilen utgaşyp sazlaşykly gözelligi kemala getirýär. Alys-u-ýakyndan gelýän myhmanlaryň «Ýene barsam, Aşgabady bir görsem» diýmegi biziň paýtagt şäherimiziň diňe bir binagärlik gözelligi däl, eýsem, ol biziň halkymyzyň myhmansöýerlik däbinden hem gözbaş alýar. «Myhman ataňdan uly» diýýän halkymyz myhmanyny güler ýüz bilen garşylap, olara gadyr etmegi özüne parz saýýar. Biziň asylly milli ýörelgelerimiz bilen gözel şäherimiziň ajaýyplygynyň sazlaşmagy daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Olaryň her biri şäheriň gözelligini, arassalygyny, adamlarynyň myhmansöýerligini aýratyn belleýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkara abraýy bar

Baýramçylyk joşguny

Öňňin paýtagtymyzda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşik şu ýylyň başynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda bu şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde yglan edildi. Dabarada edilen täsirli çykyşlar aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Soňra dabaraly ýagdaýda diýseň gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Aşgabadyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän iň oňat makalalaryň tapgyrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri A.Işbaýewa, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň energetikleriň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy J.Garajaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy A.Orazow ýeňiji boldular. Paýtagtymyzy wasp edýän iň oňat goşgular tapgyrynda Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň hünärmeni A.Rejebow, Aşgabadyň häzirki zaman keşbini, gözel künjeklerini beýan edýän

Medeniýet halkyň kalby

20-nji maýda «Aşgabat» seýilgähi bilen paýtagtymyzyň Özbegistanyň doganlaşan şäheri Daşkendiň «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkäniň (ABŞ) hem-de Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşdylar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu duşuşykda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususan-da, sebitdäki goňşy döwletler bilen medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmek, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň esasyny düzýär. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki halkara derejedäki çäräniň dünýäniň halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga, Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.

Ussat kinorežissýor

Ýagşy ynsanlary ýagşylykda ýatlamak ynsanyň tebigatyna mahsus häsiýet. Aýratynam, öz kärinde ussatlyga ýeten ynsany ýatlamak. Döredijilik adamy bolsaň-a, geçen durmuş ýoluňa täsir eden adamy — ussady ýatlamak has hem ýakymly. Sebäbi teatr, kino sungatynda üstünlik gazanmagyň onlarça adamlara, aýratyn hem halypalaryňa, kärdeşleriňe bagly bolýandygyny hökman bilmek we bellemek gerekmikä diýýärin. Islendik sahna eseri ýa-da kino eseri bolsun, tapawudy ýok, ol birnäçe sungatlary birikdirip bitirilýän eser bolýar. Şeýle-de bolsa, onda režissýoryň işi şol sungatlary biri-birine nepis baglap, zergäriň zynjyr düzüşi deý bir sapaga düzmekde bolýar eken. Ol bolsa ussatlardan tälim alan režissýorlara başardýan irnik iş we zähmetden başga-da kän başarnygy talap edýän iş. Ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp şeýle režissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowdyr. Aktýor hökmünde-de bu halypa režissýory diňe bir kinodyr teatr işgärleri däl, eýsem, kino muşdaklary hem ýagşylykda ýatlaýarlar. Her bir döredijilik işgäri öz döreden eserleri bilen halkyň aňynda galýar we ýatlanylýar.

Talyplaryň ýürek joşguny

Aýdym-sazyň ýaňlanmagy toý-baýramyň, şat durmuşyň nyşany. Biziň ýörite orta mekdebimiziň talyplary-da her bir şanly sene mynasybetli özleriniň dabaraly çykyşlaryny taýýarlap, halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar. Talyplarymyzyň nobatdaky hasabat konserti hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de kompozitor Daňatar Öwezowyň döredijiligine bagyşlandy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirilen konserti ýörite sazçylyk mekdebimiziň ýaş dirižýor E. Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Aýna» operasynyň girişi bilen açdy.

Mekdebiň hasabat konserti

Ýakynda Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň hasabat konserti boldy. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen nobatdaky hasabat konserti özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyplary, saz sungatynyň muşdaklary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Toý äheňinde owadan keşbe beslenen sahnany zehinli ýaşlaryň çykyşlary bezedi. Her okuw ýylynyň ahyrynda geçirilýän hasabat konsertleri ýaşlara öwrenen bilimlerini çuňňur özleşdirýändiklerini we sungatda barha kämilleşýändiklerini görkezmäge özboluşly mümkinçilikdir. Ýeri gelende, täze taryhy döwrümizde ýaşlarymyzyň sungat ugrundan ýokary talaplara laýyklykda bilim almagy we hünär öwrenmegi babatda giň şertleriň bardygyny bellemek gerek. Welaýat Ýörite sungat mekdebinde hem bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjydyr. Agzalan mekdepde welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli ýaşlaryň onlarçasy bilim alýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ýaşlaryň uly topary mekdebiň uçurymlary bolup, bu gün milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Teatr: döwrüň kämil keşbi

12-16-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşigi belent ruha beslendi. Hormatly Prezidentimiziň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda täsirli beýan edýän milli ýörelgelerimiz rowaýatlar, ertekiler, tymsallar sahna arkaly tomaşaçylara ýetirildi. Bulardan başga-da bu ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapan nusgawy şahyrlarymyzyň hem-de gujur-gaýraty, edermenligi bilen gojaman taryhyň gatlarynda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşplerine uly orun berildi. Türkmen tebigatynyň ynsan saglygy üçin peýdaly ýerleri barada gürrüň berýän sahna eseriniň sahnalaşdyrylandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle bir şäher bar ýeriň ýüzünde... (Goşgular çemeni)

Gara SEÝITLIÝEW Aşgabat

Dünýä dolan aýdymlar

Ylmy çeşmelerde «Aşyklaryň şäheri», «Yşkyň şäheri» diýlip tanalýan Aşgabat şäherini wasp edýän aýdymlar gözelligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nusgasy bolup ýaňlanypdy. Gözel paýtagtymyzyň bu günki ajaýyp keşbi bolsa parahatçylygyň, aklygyň, ösüşlere tarap galkynmagyň nyşanyna öwrüldi. milli Liderimiziň Aşgabat şäheri saýasynda birek-birege dostluk gollaryny uzadan ýurtlaryň parahatçylyk hakynda söhbetleşýän ýerine öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza bolan iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäheri hakynda köp aýdymlaryň döredilendigini, esasan hem, ussat aýdymçy Myrat Sadykowyň paýtagtymyzy wasp edýän aýdymynyň üstünden ýyllar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýändigini, häzirki wagtda hem aýdymçylarymyzyň ençemesiniň paýtagtymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýändiklerini belläp geçdi. Myrat Sadykowyň durmuşynda parahatçylyk düşünjesiniň aýratyn orny bardy. Sebäbi kakadan ir galan ýetginjek bäş ýaşynda asudalyk hakyndaky duýgularyny mylaýym owazyna salyp, uruşdan ýaraly bolup Aşgabada getirilen esgerleriň arasynda aýdym aýtmaga başlaýar. Şol günlerden başlabam ol aýdym-saz sungatyna ykbalyny berk baglaýar. Tebigatyň beren şirin owazy onuň Watana bolan çäksiz söýgüsi bilen utgaşyp, halkyň ýene-de bir beýik oglunyň döremegine getirdi. Çagalyk ýyllarymyzda parahatçylygyň owazy bolan «Akja kepderi» aýdymyny aýdyp ýa-da diňläp görmedigimiz ýok bolsa gerek. Bu a

Görenlerden eşidenlerim

«Çekinmeli senetdir bi...» — Meşhur gyjakçy Ata Ablyýew öz şägirtlerine hemişe ussatlardan eşidenlerini gysgadan düşnükli edip aýtmagy gowy görerdi — diýip, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew söhbetdeşlikleriň birinde söze başlady. — Meşhur halypanyň saz senedine goýýan sarpasy hem çeniň däldi. Ol diňe özi däl, eýsem, beýlekilere-de şony öwrederdi. Ata halypadan kän zat öwrendik. Ýöne onuň senede sarpa goýşy artykmaçdy. Halypanyň dutara seredip:

Täze tehnologiýalar we sungat

Medeniýet, sungat — adamzadyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelýän ruhy gymmatlygy. Sungatyň ösüşi asyrlaryň dowamynda döwletleriň ösüşi bilen baglanyşykly bolup gelipdir. Häzirki döwürde-de tehnologiýanyň kämilleşmegi sungata öz täsirini ýetirýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sungatyň dürli görnüşlerinde wajyp bolup, ol oňaýlylyk taýdan esli artykmaçlyklary döredýär. Bu, esasan-da, medeni we taryhy gymmatlyklar bilen tanyşlykda uly öňegidişlikleri emele getirýär. Teatrlar sungat älemindäki täsin täzeçillikleriň biridir. Giňişlik taýdan çäklilik we oýnuň dowamynda dekorasiýalary çalyşmak teatr sungatynda uly we çylşyrymly meseleleriň biri bolup gelýärdi. Dekorasiýalar aktlaryň aralygynda çalşyrylýardy, bu ýagdaý sýužeti çäklendirýärdi, edebi esasy bolsa ýagdaýa görä üýtgetmeli bolýardy. Bu ýagdaýdan çykalga tapmaga 3D tehnologiýalar kömek etdi.

Halypa-şägirtlik hakda

Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi. Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter.