Täze tehnologiýalar we sungat

20 Maý 2021
1009

Medeniýet, sungat — adamzadyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelýän ruhy gymmatlygy. Sungatyň ösüşi asyrlaryň dowamynda döwletleriň ösüşi bilen baglanyşykly bolup gelipdir. Häzirki döwürde-de tehnologiýanyň kämilleşmegi sungata öz täsirini ýetirýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sungatyň dürli görnüşlerinde wajyp bolup, ol oňaýlylyk taýdan esli artykmaçlyklary döredýär. Bu, esasan-da, medeni we taryhy gymmatlyklar bilen tanyşlykda uly öňegidişlikleri emele getirýär.

Teatrlar sungat älemindäki täsin täzeçillikleriň biridir. Giňişlik taýdan çäklilik we oýnuň dowamynda dekorasiýalary çalyşmak teatr sungatynda uly we çylşyrymly meseleleriň biri bolup gelýärdi. Dekorasiýalar aktlaryň aralygynda çalşyrylýardy, bu ýagdaý sýužeti çäklendirýärdi, edebi esasy bolsa ýagdaýa görä üýtgetmeli bolýardy. Bu ýagdaýdan çykalga tapmaga 3D tehnologiýalar kömek etdi.

Taýýarlan Süleýmanaly MURADALIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.