Paýhas bilen bina bolan

21 Maý 2021
1115

Görki-gözelligi bilen göwünleri, kalplary hem-de gözellige hormat goýýan halklaryň ünsüni özüne çekip bilýän ajaýyp paýtagtymyz bu gün 140 ýaşady. Sähralygyň dag etekleri bilen tapyşýan ýerinde esaslandyrylan we üç asyryň şaýady bolan şäherimiziň 140 ýyllyk taryhynyň dowamynda aýratyn ýatlanylmaga, üns berilmäge mynasyp möhüm wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Alym Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň söz, surat we sungat bossanyna seýran edeniňde bu zatlara has-da çuňňur akyl ýetirýärsiň, ýatlamalara çümýärsiň. Taryhy hakykatlary hakydalaryňda dikeltmäge, göz öňüne getirmäge çalyşýarsyň. Sözüň çeper jadysy sünnälenen bu ajaýyp kitap gözel paýtagtymyzyň düýni, şu güni hem-de ertiri hakda gürrüň berýär. Okyjyny ajaýyp şäherimiziň geçmişine, häzirki gününe hem-de geljegine ýolbelet bolup, syýahata çykarýar. Aşgabat esaslandyrylan wagty adaty kent-şäher bolanlygyndan bu gün milli Liderimiziň paýhasy bilen geljegiň megapolis şäherine öwrülmegiň bosagasynda dur.

140 ýyllyk taryhy hakynda buýsanç bilen söz açsagam, aslynda, gündizlerine Günüň nury, gijelerine Aýyň ýalkymy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy hem-de söýgüsi bilen nurlanýan bagt mesgenli şäherimiz soňky on dört ýylyň dowamynda düýpgöter özgerdi. Biri-birinden kaşaň, täsin we ak mermerli ajaýyp ymaratlar, binalar, desgalar paýtagtymyza mahsus aýratynlyga öwrüldi. Bu gün halkymyz öz paýtagtyny söýgi, buýsanç we guwanç bilen «Ak şäherimiz», «Mermer şäherimiz», «Merjen şäherimiz» diýip atlandyrýar. Her gezek dünýäniň owadan we göwne ylham berýän şäherleri hakda söz açylanda, ilki bilen ajaýyp paýtagtymyz hakydamyza dolýar. Gök begresli seýilgähler, ak mermerli binalar gözümiziň öňünde boý alýan täsin dünýä meňzeýär.

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.