Talyplaryň ýürek joşguny

20 Maý 2021
1041

Aýdym-sazyň ýaňlanmagy toý-baýramyň, şat durmuşyň nyşany. Biziň ýörite orta mekdebimiziň talyplary-da her bir şanly sene mynasybetli özleriniň dabaraly çykyşlaryny taýýarlap, halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar. Talyplarymyzyň nobatdaky hasabat konserti hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de kompozitor Daňatar Öwezowyň döredijiligine bagyşlandy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirilen konserti ýörite sazçylyk mekdebimiziň ýaş dirižýor E. Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Aýna» operasynyň girişi bilen açdy.

Nurjahan HANBEKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.