Medeniýet halkyň kalby

21 Maý 2021
941

20-nji maýda «Aşgabat» seýilgähi bilen paýtagtymyzyň Özbegistanyň doganlaşan şäheri Daşkendiň «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkäniň (ABŞ) hem-de Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşdylar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu duşuşykda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususan-da, sebitdäki goňşy döwletler bilen medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmek, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň esasyny düzýär.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki halkara derejedäki çäräniň dünýäniň halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga, Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.

«Aşgabat».