Duşuşyk geçirildi

21 Maý 2021
982

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Arkadagly, ak ýolly, gülle, Türkmenistanym!» atly wagyz-nesihat duşuşygyny gurady.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda geçen duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de gözel Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

Ýörite habarçymyz.