Aziýanyň merjeni

21 Maý 2021
1076

Bu günki gün Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz Aşgabat belent ösüşleriň mekany, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalar, ak mermerli binalar paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösen merkezdigini subut edýär.

Ýurdumyzdaky ösüşler, halkara hyzmatdaşlygyndaky gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň anyk netijelerini äleme äşgär edýär. Ýurdumyzda şäher ekologiýasynyň nazarlaýan döwrebap tejribäniň özleşdirilmegi, ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli desgalaryň sanynyň yzygiderli artýan merkezine öwrülmegi paýtagtymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn ösüşleriň, parahatçylykly hyzmatdaşlygyň ýurdy, şeýle hem tebigy we milli baýlyklaryň mekany. Şäherimizdäki «Garaşsyzlyk», «Ylham», «10 ýyl Abadançylyk» ýaly ençeme seýilgähler ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Jeren AŞYRMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.