Paýtagtymyz — buýsanjymyz

21 Maý 2021
1053

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşýär, ajaýyp görnüşe eýe bolýar.

Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýy döwletimiziň esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýratyn bellenendir. «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Aşgabat şäherimizi ösdürmekde gurluşyk hem-de binagärlik işi bilen baglanyşykly kadalaryň aýratyn berkidilmegi paýtagtymyzyň hukuk derejesiniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri» diýlip berkidilendir.

Ýazmyrat KÜLÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň uly mugallymy.