Türkmensähra täsirleri
Dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmek arzuwym amala aşanynda men özümi dünýäde iň bagtly ynsan saýdym. Döwletmämmet Azadynyň, pähimli Magtymguly Pyragynyň aramgähine täze gurlan beýik monumenti görneninden şahyryň üç ýüz ýyllyk toýuny toýlamaga dünýäniň çar künjünden gelen türkmenleriň kowçum-kowçum bolup üýşüp durmagy bizi guwandyrsa-da, birbada darykdyrdy. Ýöne: «Munça giden mähelleden geçip, arzyly atamyzyň aramgähini alnymyza togap edip bilermikäk” diýip howpurgamagymyz ýerliksiz ekeni. Mukaddes ýaşyl Baýdagymyzy gören märeke Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, erkana Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy hormatlap, giň ýol açyp, bizi öňe goýberdi welin, depämiz gök diredi. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň ter gül desseleri bilen bezelip, adamboýy ak mermere zerlenip ýazylan adyny, bir bent şygryny sypalap- -sypalap mährimizi siňdirip, ylham alasymyz geldi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew aýat okap, doga-dileg edeninde, garagörnümdäki oturanlara çenli dym-dyrslyk bolup, bir adam ýaly el göterildi. Aramgähiň gapdalyndaky jaýda şahyrlar Bazar Şalyýew, Döwletmyrat Annamyradow, Didarberdi Allaberdiýew, Baýram Akgadow dagy şygyr okasa, kyssaçylar Şöhrat Abdyýew, Baýram Taganow, Bäşim Şadurdyýew dagy täsirli söhbet etdiler. Zyýarat dagynyň täsin tokaýlygyny, Gorgan galasynyň iki ýüz kilomet