Gül çagalar sagdyn össün sapaly goýnunda tomsuň!

12 Iýun 2024
116

Ýylyň beýleki möwsümlerinde wagtlarynyň esli bölegini mekdeplerde geçirýän çagalara tomusky dynç alyş döwründe köçelerde, seýilgählerde, tebigy zolaklarda gezmäge, uzak-ýakyn ýerlere myhmançylyga gitmäge, derýada, deňizde suwa düşmäge mümkinçilik döreýär. Tomus möwsüminde çagalaryň beden galjaňlygynyň artmagy çaga tebigatyna öňden mahsus bolan ýiti bilesigelijilik we özbaşdak hereketlere ymtylyş bilen utgaşyp, garaşylmadyk ýagdaýlaryň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçinem adatça tomusky dynç alşyň bir tapgyryny döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirip, ol ýerlerde mugallymlardyr terbiýeçileriň gözegçiliginde bolýan çagalara möwsümiň galan wagtlarynda ata-eneleriniň we gaýry hossarlarynyň berk esewan bolmaklary, özüňi alyp barmaklygyň howpsuz endiklerini ündemekleri zerurdyr.   

Tomusda çagalar, esasan, Gün urmasyndan, deriniň Güne ýanmagyndan, gözegçiliksiz suwa düşmekden, yssy howada tiz zaýalan- ýan et-balyk önümleriniň, şeýle-de miweleriň we gök önümleriň ýuwulman iýilmeginden dert tapynyp bilerler. Şonuň üçinem özleriniň oýlanman edýän her bir işinden, töwekgelçilikli hereketlerinden gelip biljek zelelleri öňden görmek, garaşylmadyk ýagdaýlardan çykalga tapmak, howp-hatarly pursatlarda özüňi we beýlekileri halas etmek başarnygyny çagalarda öz wagtynda terbiýeläp kemala getirmek ata-eneler üçin wajypdyr. 

Guwanç Öwezow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.