Teatr täzelikleri

10 Iýun 2024
91

SAHNADA “AJAP EÝÝAM”

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen türkmen halkynyň göz-guwanjy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyryldy. Bu şygardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli teatrlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, durmuşy, geçen ýoly hakynda sahna oýunlary yzygiderli görkezilýär. Biziň döwlet drama teatrymyzda hem “Ajap eýýam” atly täze oýun sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenildi. Bu oýun teatryň zehinli artisti Hojageldi Batyrowyň ýazan “Ajap eýýam” atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy.