Ruhubelentlige beslenen çäre

12 Iýun 2024
114

Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesiniň guramagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde kämillik ýaşyna ýeten ýaşlara Türkmenistanyň pasportyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa polisiýa işgärleri bilen bilelikde, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Işjeň häsiýetde geçen çärede edilen çykyşlarda Türkmenistanyň pasportyny alan ýaşlara ata Watana, il-güne, ata-enä wepaly we haýyrly adamlar bolup ýetişmek ündeldi. Raýatlyk pasportyny alan ýaşlar hem özleriniň bagtyýar geljegi hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin okap, öwrenip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Gurbanmyrat Çüriýew,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.