Bagtyýar çagalaryň arasynda

12 Iýun 2024
119

Türkmenbaşy etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-ündew çäresini geçirdik. Onuň dowamynda çagalara interaktiw enjam arkaly ýol hereketiniň düzgünleri barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda ýol hereketine gatnaşýanlaryň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy.

Wagyz-ündew çäresinde ýurdumyzyň abadan, asuda bolmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, çagalaryň bagtyýar ösüp-ulalmaklary hakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Batyr Jumageldiýew,
Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.