Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

12 Iýun 2024
131

Arkadagyň paýhasyndan kalbym joşup, ylham alýar,
Külli türkmen ykbalynda mizemejek döwlet gurýar,
Günün sanap ösýän ýurdum bedew batly öňe barýar,
Belent bolsun mertebäňiz, mydam sag bolsun janyňyz,
Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Hazar-Jeýhun arasynda sansyz binalaň hatary,
Bäş welaýat bir jem bolup, gülledýär eziz Watany,
Pederleriň arzuw eýläp maksatlaryna ýeteni,
Gülledi, gül açdy bu gün, görüň biziň çar ýanymyz,
Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Ybraýymjelil Amanow,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 15-nji sehiniň maşinisti.