Taryhy tutumlaryň eýýamy

12 Iýun 2024
126

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli asylly başlangyçlarynyň, beýik işleriniň netijesinde bu günki gün durmuşymyz tanalmaz derejede özgerdi. Amala aşyrylýan taryhy tutumlaryň esasynda eziz Diýarymyz has-da gözelleşip, täze şäherler, şäherçeler, obalar döredildi. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna aýratyn ähmiýet berlip, medeni-durmuş maksatly binalardyr önümçilik desgalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň, döwletimiziň ägirt uly kuwwata eýediginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Häzirki wagtda ata Watanymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan we nurana geljegimiziň kepiline öwrülen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda  durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýetilýän belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Bular bolsa ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, ösüşleriň, özgertmeleriň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagyny üpjün edýär.

Akbibi Abalakowa,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.