Üns beriň bäsleşik!

20 Fewral 2023
666

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY, HALKYŇ ВUÝSANJY» şygar bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri, nebitgaz toplumynda ýetilýän täze sepgitler barada hem-de ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY