«Türkmenulaggözegçilik» resmi saýtyny üýtgetdi

13 Fewral 2023
392

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy resmi saýtynyň domenini tugdk.gov.tm edip üýtgetdi. Ozal resmi çeşme ulaggozegchilik.gov.tm domeninde ýerleşdirilýärdi.

Ýatlatsak, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasy 1994-nji ýylyň fewralynda döredilipdi. Kompaniýa Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýükleri iberijiden ýükleri kabul edijä ulagyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak arkaly daşamak üçin logistika çözgütlerini işläp düzýär hem-de dolandyrýar.