Bildirişler

7 Dekabr 2022
559

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirligi

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky № 48-iş buýrugyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleriniň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirilmegi sebäpli, gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Gubadag etrap bölüminiň ýuridik şahs hökmünde hereketini bes edip, Gubadag etrabyndaky öňki salgysynda Boldumsaz etrap bölüminiň Gubadag şäher şahamçasynyň açylýandygyny, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleriniň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Akdepe etrabynyň düzümine geçirilip, Akdepe etrabynyň döredilýändigi sebäpli gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky we Akdepe etrap bölümleriniň ýuridik şahs hökmünde hereketlerini bes edip, täze Akdepe etrap bölüminiň döredilýändigini hem-de onuň Andalyp (öňki Gurbansoltan eje adyndaky şäher) şäherinde ýerleşýändigini, Akdepe etrabyndaky öňki salgysynda Akdepe etrap bölüminiň Akdepe şäher şahamçasynyň açylýandygyny habar berýär.