Milli medeniýetimizde Watanymyzyň waspy

15 Sentýabr 2022
1311

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar  köşgünde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde birnäçe milli gymmatlyklarymyz bilen birlikde,  dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen bu bäsleşik — türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny dabaralandyrmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak, höweslendirmek babatda ählihalk derejeli ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.

Begenç GURDOW,
Gökdepe etrap notarial edarasynyň döwlet notariusy.