Toý şatlagyny goşalandyran dabara

9 Sentýabr 2022
958

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli 9-njy sentýabrda «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guran «Jan Watanym Türkmenistan» atly bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.

«Jan Watanym Türkmenistan» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist Allamyrat Amandurdyýew; Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist Aýbölek Nursähedowa; Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Lebap welaýat  kazyýeti, kazynyň kömekçisi Zamira Babanazarowa; Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy Meýlis Serdarow; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Tillabaý Şukurow; Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor Remezan Gullyýew; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat  Polisiýa müdirliginiň Kerki polisiýa bölüminiň işgärler toparynyň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Erkin Saparow; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Arslan Mämmetorazow; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Baky Nurmuhammedow; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Atamyrat Bekçiýew; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Çemen Myratjanowa, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy Nurana Dädäýewa; Muhammetnur Ýazgeldiýew; foto habarçy Maksat Müllikow dagy yglan edildiler. Ýeňijiler Diplom hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

«Adalat».