Hormatly raýatlar!

9 Awgust 2022
1383

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär:

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky tarapyndan, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär: