Hormatly raýatlar!

1 Awgust 2022
1253

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär.