Wagyz-nesihat duşuşygy

13 Awgust 2021
824

7-nji awgustda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Bagtyýar nesil – bagtyýar Watan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, şeýle-de, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Allanur ÇARYÝEW, «Türkmen sporty».
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.