Ildeşlerimiziň şowly çykyşlary

13 Awgust 2021
852

Tokioda geçen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagy, dörtýyllygyň iri sport baýramçylygynda türkmenistanly türgen Polina Gurýewanyň kümüş medala mynasyp bolup, ýaşyl Baýdagymyzy belende galdyrmagy hemmämiz üçin guwandyryjy waka boldy.

Agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilogram agramda geçirilen bäsleşikde üstünlikli çykyş eden ildeşimiz türkmen sportunyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazandy. Şeýlelikde, millionlarça adamynyň janköýerlik eden Olimpiýa oýunlary türkmen janköýerlerine hem şatlykly pursatlary bagyş etdi. Ýurdumyz 200-den gowrak döwletiň arasynda 77-nji boldy. Şonuň ýaly-da, ildeşlerimiz Oýunlarda netijeli çykyş edip, olaryň aglabasy öz ugurlarynda baýrakly orunlar üçin bäsleşýän türgenleriň hataryna girdiler. Munuň özi türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sport ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda bu ugurda gazanylýan beýik işleriň dabaralanmasyna öwrüldi.

Garrygul GARRYGULOW,
Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.