Kämil maksatlaryň aýdyň beýany

13 Ýanwar 2021
1827

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylym-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrundaky amal edilýän giň möçberli işler, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda jemgyýetimizi hereketlendiriji güýjüň esasy özeni hasaplanýar. Şeýle kämil maksatlar bolsa özüniň aýdyň beýanyny tapyp, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Binýady berkden gurlan, bagt daragtynyň barha pajarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almaklary, hünär we ylym öwrenmekleri, sagdyn ruhda terbiýelenmekleri, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepaly watansöýüjiler bolup ýetişmekleri üçin wajyp işleri durmuşa geçirýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda sanly bitewi bilim gurşawyny döretmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagy, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw, döredijilik işini ele almagy üpjün edip, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy bolsa aýdanlarymyzyň doly kepilidir.

Berdimyrat ŞYHMYRADOW,
maýor.