Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy açylýar

13 Ýanwar 2021
1869

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ynsanperwer goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýugrulan halkara hyzmatdaşlyklary netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar.

Milli Liderimiziň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistan goňşy Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky şertnama dabaraly ýagdaýda gol çekilmegi hem iki ýurduň goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. Bu şertnama Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek barada bolup, bu birikme Owganystanyň aragatnaşyk toruny halkalaýyn işletmäge, ýagny, Hyrat — Akina aralygynda birikdirmäge mümkinçilik döreder. Bu taslama geljekde birnäçe daşary döwletlere çykmaga hem-de aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyklary artdyrmaga hem giň ýol açýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.