Arkadagly gül Diýara gadamyň düşsün, Täze ýyl!

1 Ýanwar 2021
1438

Welaýatymyzda Täze ýyl baýramy uly dabaralara beslendi

Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar halkymyzyň kalbynda ýakymly ýatlamalary, taryhyň sahypalarynda şanly wakalary bilen öçmejek yz goýan 2020-nji ýyl bilen bütin dünýäni parahatçylyga we özara ynanyşmaga, dost-doganlyga çagyrýan 2021-nji ýylyň sepgidindäki baýramçylyk dabarasy özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdança — welaýatyň baş arçasynyň ýanyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar.

Ýörite habarçylarymyz.