Gahryman Arkadag — ösüşiň, özgerişiň Lideri

2 gün öň
66

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag! Bu düşünje — her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň ýylysy, ýaşaýşa söýgüsi, geljege ynamy. Ine, taryhy hakykat şeýdip, ynsanyň rahat, bagtly ýaşaýşy baradaky arzuw-umytlarynyň owazy bolup dünýä dolýar. Uzak geçmişinde türkmeniň dünýä beren kämil ýaşaýyş, ösüş nusgalarynyň az bolmandygyny goja taryhdan habarly kişiler bilýändirler. Bu gün türkmen adamzada ösüşli, özgerişli, abadançylykly ýaşaýşyň ýene bir nusgasyny eçildi. Ony öz Milli Lideri Gahryman Arkadagynyň pähim-parasady, başarjaňlygy arkaly eçildi.

Geçen ýakyn taryhymyza nazar aýlalyň! Gahryman Arkadagymyz halkyň ykbaly üçin zerur pursatda döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Öňde haýal-ýagallyk etmezden çözülmeli meseleler bardy. Şonuň bilen birlikde, birneme howlukman, emma hökman çözülmeli meseleler-de bardy. Şonsuz ýakyn we uzak geljege nazarlanmak hem, bular üçin maksatnamalary işläp düzmek hem, ol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak hem mümkin däldi. Bu işlere nähili ökdelik bilen hötde gelnendigine şaýat bolduk. Munuň özi, islendik hasap bilen, iň uly hasap bilen alnanda-da, taryhy döwürdir. Ruhy-ahlak, medeni, aň-düşünje, saglyk meselelerinden başlap, durmuş-ykdysady meselelere çenli, içerki gatnaşyklardan başlap, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklara çenli öz içine alan bu özgertmeler ýurdy tanalmaz derejede özgertdi, halkyň täze, ýokary ýaşaýyş medeniýetini kemala getirmegiň esaslaryny berkitdi, dünýäde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny artdyrdy, ornuny giňeltdi.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».