Döwrüň binagärlik sungatynyň parlak ýyldyzy

1 Iýul 2024
61

Bu günki gün dünýäniň döwrebap şäher gurluşygynda ýalkym saçýan merjenleriň birine öwrülen Arkadag şäheri parahatçylygyň, dost-doganlygyň we döredijiligiň mekany hökmünde pajarlap ösýär. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda bolsa «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de oňa bolan buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ajaýyp künjekde amala aşyrylýan beýik işlere guwanjyny artdyryp, şol günki aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň derejesini has-da beýgeltdi.

Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwlet hökmündäki abraýyny has-da belende göterdi. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, irginsiz tagallalary, yhlasy, söýgüsi we mähri bilen Köpetdagyň ekologik taýdan arassa giňişliginde dörän ajaýyp şäherdir. Ol XXI asyryň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribeleriniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän kämil taslamalaryň biridir. Geçen gysga döwrüň dowamynda Arkadag ilatyň abadan ýaşamagy, erkin zähmet çekmegi, ýaşlaryň okamagy, döwrebap dynç almagy babatda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilen şäherine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, çagalar baglarydyr orta mekdepler, sport toplumlary, şol sanda 10 müň orunlyk stadion, köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi hereket edýär. Şeýle-de «akylly» şäherde birnäçe medeni ojaklar — kitaphana, muzeý, ýöriteleşdirilen sungat mekdepleri, teatr we döwlet atçylyk sirki ýaly desgalar ilata hyzmat edýär. Şol bir wagtda, bu ýerde şäheriň döwlet arhiwi, adybir teleýaýlym, ýerli gazet we futbol topary döredildi.

Çynar RUSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany.