Şanly ýylda täze jaýlaryň hatary artýar

1 Iýul 2024
53

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň ugrunda her biri 32 öýli, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şäher hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň, ýokary derejeli dynç alşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler. Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Dabara gatnaşyjylar täze öýlere göçüp gelen maşgalalary jaý toýlary bilen gutlap, ojaklarynyň rysgal-döwletli, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.