Owadan ýazuwda ýaşlaryň üstünligi

30 Iýun 2024
52

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak, elde ýazmak endigini ösdürmek we olaryň owadan ýazuwyny kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy. Netijede, eminler topary tarapyndan baş baýraga Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Ogulşat Myratberdiýewa mynasyp görüldi. Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Seýitgurban Seýdalyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýlar Annadurdyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kitaphana müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahar Hudaýberdiýewa birinji, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýnur Myradowa, Hojambaz etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Çaryýewa, Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçesiniň ýaşaýjysy Mährijemal Hezretowa, Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň uçurymy Nurşat Gurbanowa ikinji, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi Parahat Mämmetnurow, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň uçurymy Suraý Söýünowa, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýnur Berdiýewa, Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Döwletgeldiýewa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Nabat Janmyradowa dagy bolsa üçünji orny eýelemegi başardylar. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Didar GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň esasy hünärmeni.