Hormatly raýatlar!

11 Iýun 2024
148

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary üçin ýörite açylan «Bagtyýar nesil» atly möhletli goýumy hödürleýär.

«Bagtyýar nesil» möhletli goýumy ýyllyk 9 göterim bilen kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasy tarapyndan çaga kämillik ýaşyna ýetýänçä möhlete açylýar. Goýuma kabul edilýän pul serişdeleriniň iň az möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedikdir.