Akyldaryň edebi mirasyna sarpa

8 Iýun 2024
197

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji maýynda Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabaralary şanly ýylyň ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy.

Şahyr öz eserleri bilen edebi mirasymyza we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň beýik danasy hem-de milli buýsanjydyr. Söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uludan tutulmagy-da Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymgulynyň çeper döredijiligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilýär, daşary ýurtly alymlaryň üns merkezinde durýar.

Bahar HOJAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty.