Nobatdaky halkara ykrarnamasy

7 Iýun 2024
96

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan bu toplumyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe we sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky raýatlary çekmek boýunça uly işleri alyp barýar.

«Türkmen sporty».