Ak şäheriň arşa galýan abraýy

7 Iýun 2024
127

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy täze belentliklere göterilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

«Baş şäherimize şeýle abraýly derejäniň berilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, bu ugurda halkara derejede tejribe alyşmaga, netijeli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder» diýip, hormatly Prezidentimiz bu şanly waka mynasybetli 3-nji iýunda paýtagtymyzda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn nygtady.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.