Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

7 Iýun 2024
97

Ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan hem-de öz saýlap alan hünärlerinden ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler, sagdynlygy, sporty hemişelik hemra edinen adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir. Ata-babalarymyzdan mekdep bolup gelýän belent maksatlar üçin okuwçylar we talyp ýaşlar bilim almaga, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaga uly üns bermelidirler. Döretmegi, gurmagy we kämillige ymtylmagy durmuş ýörelgesine öwürmelidirler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna eýerýän ýaş nesiller bu gün özleri üçin döredilen ajaýyp şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar, yhlasly okaýarlar we Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamymyzyň dünýä ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary esasynda durmuşa geçirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär. Şol sanda biziň — bilim işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermegi üçin hem ähli amatlyklar üpjün edilýär.