Şa gadamynyň sahawaty

7 Iýun 2024
167

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam taslamasynyň jemleýji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu waka mynasybetli welaýatyň ilatyna 200 sany täze ýolagçy awtobusyny sowgat edip, toý şatlygyny has-da artdyrdy. Şol nurana günde Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň gowşurylmagy, Daşoguz şäherinde we Gülüstan şäherçesinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylmagy mynasybetli geçirilen çäreler bolsa Şa saparynyň sahawatynyň, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň barha dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Nur paýlaýan desga

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).